Soňky habarlar

 I. Bitarap Türkmenistanda  ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy

Çuňňur hormatlanylýan Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty uly ösüşlere beslenýär. Oňa Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak esasda ýola goýan gatnaşyklary aýdyň şaýatlyk edýär. Şol gatnaşyklaryň özeninde ýurdumyzyň parahatsöýüjilik, bitaraplyk syýasaty durandyr.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, biragyzdan goldanylan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky kararnamalary Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde halkara hukuk ýagdaýyny berkitdi. Bu waka taryhy ähmiýete eýedir, çünki Bitaraplyk – Türkmenistanyň halkara giňişliginde işjeňliginiň esasyny düzdi we döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny düzýän ýörelgeleri kesgitledi.

2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejedäki halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Çuňňur hormatlanylýan Mähriban Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyza görk goşup oturan «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk günine taýýarlyk görmekligine bagyşlanan «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.

Milli Liderimiz taryhy maslahatda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýylyň içinde ýeten derejesi we bu boýunça alnyp barylan işler, Türkmenistanyň BMG we onyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ulag, energetika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak hem-de sport we ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada giňişleýin çuň manyly çykyş etdi. Şeýle hem, halkara maslahatyň ahyrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe ikitaraplaýyn halkara resminamalary gol çekilmegi, munuň özi – Türkmenistanyň BMG bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslarynyň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesilleri watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmelidir. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli hem yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr».

Milli Liderimiz, dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza we halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz örän guwanýarys, diýip belleýär. Şu jähtden ugur alyp, ýurdumyzda öňdebaryjy ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan döwlet ýaşlar syýasaty durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň, türgenlerimiziň bagtyýar ýaşlarymyzyň sanynyň has-da artýandygy hem, bulara aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaşlar babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Ýaşlar barada kanunçylyk derejesinde Türkmenistanyň ähli ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär.

2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda uly itergi berdi. Şeýlelikde, ýurdumyzda 14-30 ýaşdaky ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň we döwlet goldawynyň 15 ugry boýunça kanunçylyk binýadynyň tutulandygyny bellemek gerek. Bu ugurlarda ýaş alymlary, kiçi hem-de orta telekeçilik işini alyp barýan ýaşlary goldamak, ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdelerini bermek ýaly döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtmalydyrys.

Döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 14171-nji Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýaş neslimiziň döwletiň we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işlere içgin gatnaşmagy üçin örän oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berdi.

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredilip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport pudagyny dünýä derejesinde ösdürmek bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary baradaky aladalaryna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi ýene-de bir ýola subut edildi. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda, Ministrlik bedenterbiýe, sport we ýaşlar syýasaty babatynda döwlet ygtyýarly edarasy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, ýaş hünärmenler – täzelenişiň we döredijiligiň, döwrebap ösüşiň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 2-nji martynda çykaran 688-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu ugurda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýynda çykaran degişli Karary bilen Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy hem tassyklanyldy.

Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda degişli hünärmenleriň zerurlygyny öwrenmeklige, ýaşlaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ornaşdyrmaklyga, olaryň oba ýerlerinde zähmet çekmekligini höweslendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamaklyga hem-de ýaş hünärmenlere oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmeklige gönükdirilendir. Şeýle-de, ýurdumyzyň halk hojalygynda döwrebap ösen sanly ulgamy esasynda maglumatlar tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze iş orunlary döretmeklik meýilleşdirilýär.

Görşümiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatlary bilen ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet aladalaryna örän oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan usullar arkaly çemeleşilýär, bu ugurda ýüze çykýan soraglara häzirkizaman global özgertmeleriň esasynda döwrebap garalýar. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 2015-nji ýylyň 20-nji martynda tassyklanan we Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bagtyýar durmuşyň hem-de beýik geljegiň, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşiň hatyrasyna ylymly-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy» üçin 2020-nji ýyl jemleýji ýyly bolup durýar.

ÝALKAPBERDI AŞYRMYRADOW

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.