Çuňňur Hormatlanylýan Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bu ugurda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkyň saglygyny pugtalandyrmaga, ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, şeýle hem dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny we döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hem-de halkara sport hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda oňyn başlangyçlar öňe sürülýär.
Balkan welaýatynda hem türkmen sporty uly ösüşlere eýe bolýar, welaýatyň türgenleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän köpçülikleýin sport çärelerine we ýaryşlaryna, iri halkara sport ýaryşlaryna, Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşyp welaýatyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar.
Balkan welaýatynda dünýä ülňülerine gabat gelýän sport toplumlary, sport mekdepleri we desgalary hereket edip, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna, ylaýtada ýaş nesillere ýokary derejede hyzmat edýär. Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagynda 10 sany etrap-şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümleri bolup, olar 4 sany şäher bölüminden, 6 sany etrap bölüminden ybarat bolup, öz işlerini häzirki zaman şertlerine laýyklykda alyp barýar.
Welaýatda 20 sany sport mekdebi hereket edip, onda sportuň 32 görnüşi boýunça türgenleşik işler alnyp barylýar: (fehtowaniýe, boks, erkin göreşi, grek-rim göreşi, milli göreşi, guşakly göreşi, adaty karate, sambo, dzýudo, woleýbol, basketbol, futbol, gandbol, agyr atletika, ýeňil atletika, baýdarkada we kanoýede küreklemek, küşt, şaşka, stoluň üstünde oýnalýan tennis, çeperçilik gimnastika, düzzüm, kabaddi oýny, kuraş, kýokuşinkaý karate, kiçi futbol, sport gimnastikasy, kikboksing, basketbol 3x3, kenarýaka woleýbol, uşu, uly tennis).
Balkan welaýatynyň sport mekdeplerinde 683 sany toparlarda 8105 türgene 294 tälimçi tälim berýär.
Welaýat baş müdirliginiň garamagynda jemi 6 sany sport desga hereket edýär, ýagny Balkanabat köpugurly sport toplumy (10 müň orunlyk), Serdar sport desgasy (3 müň orunlyk), Türkmenbaşy sport desgasy (1,500 müň orunlyk), Garabogaz sport desgasy (700 orunlyk), Hazar sport desgasy (1,500 müň orunlyk), Gumdag şäheriniň sport desgasy (750 orunlyk). Bu sport desgalarynda welaýatyň türgenleri we ýaşaýjylary sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşikleri geçýärler, özleriniň saglyklaryna berkidýärler hem-de sport desgalary özleriniň ýokary derejede bolan hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler.
Balkan welaýatynyň türgenleri 2020-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda sportuň görnüşleri boýunça 24 sany döwlet derejesindäki geçirilen ýaryşlara gatnaşyp, jemi 111 baýrakly orny eýelediler: I orun 36 sany, II orun 26 sany, III orun 49 sany eýelediler. (2019-njy ýylyň üç aýyň dowamynda jemi 44 sany ýaryşlara gatnaşyldy. Welaýatyň türgenleri 44 sany döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp jemi 165 baýrakly orny eýelediler: 44 sany-I-orun, 43 sany-II-orun, 78 sany-III-orun).
Şeýle hem, welaýatyň türgenleri 1 sany halkara ýaryşa, ýagny 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-sinden ýanwar aýynyň 5-i aralygynda Türkiýe Respublikasynda sportuň karate-do görnüşi boýunça geçirilen Halkara ýaryşynda Balkanabat şäheriniň türgenlerleri Ogulgerek Kiçenowa 54 kg agramda şahsy I orna, Abdyljelil Sabyrow 14-15-ýaşlylaryň arasynda toparlaýyn III orna mynasyp boldular.
Welaýatyň etrap-şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümleri tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça 86 sany resmi ýaryşlar geçirildi we degişli derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp bu ýaryşlaryň netijeleri we onda türgenleriň görkezen üstünlikleri boýunça ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.
Welaýatda ýaşlary sporta giňden çekmek, ýaş türgenleri goldamak, şeýle hem sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmek, esasan hem suwda ýüzmek, welosport, ýaýdan ok atmak görnüşlerini giňeltmek, bu ugurda türgenleri taýýarlamak üçin etrap-şäherlerde degişli işler alnyp barylýar.
Balkan welaýatynda häzirki wagtda sportuň ýaýdan ok atmak we Karate (WKF) görnüşlerini açmak göz öňüne tutulýar we bular boýunça Türkmenistanyň Milli merkezleri we federasiýalar bilen degişli işler alnyp barylýar.
Welaýatymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän adybir sport toplumy ýurdumyzyň esasy sport toplumlaryň biri bolup, bu toplumda sportuň 13 görnüşi boýunça (suwda ýüzmek, futzal, basketbol 3x3, sambo, türkmen milli göreşi, guşakly göreş, jiu-jitsu, kikboksing, taý boks, erkin göreş, grek-rim göreşi, agyr atletika we tennis) bir wagtyň dowamynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny we iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge döwrebap ähli şertler döredilendir. Şeýle-de, bu ajaýyp sport toplumynda açyk tennis korty, kenarýaka woleýbol we kenarýaka futbol meýdançalary gurlan. Bu toplumda ýurdumyzyň türgenleri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçip, iri halkara sport ýaryşlaryna ykjam taýýarlyk görýärler.
«Awaza» sport toplumynda welaýat Baş müdirligi tarapyndan sportuň gyşky görnüşlerini açmak we ony ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleriniň, etrap-şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümleriniň garamagyndaky sport mekdeplerinde we sport desgalarynda usulyýet otaglary we merkezleri döredilip, onda türgenleriň geçirýän türgenleşik işleriniň dogry-dürs alnyp barylmagy, sport mekdepleriň we desgalaryň daş-töwereginde arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri we şol ýerlerde gül hem-de bag nahallaryny oturtmak, suwarmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan ýaşlary sport çekmek, täze sport görnüşlerini açmak, sportuň olimpiýa görnüşlerini ösdürmek, ýaşlary sagdyn, berk bedenli, Watançylyk ruhda terbiýelemek bilen iri halkara sport ýaryşlaryna, Aziýa we Dünýä çempionatlaryna hem-de Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlamak boýunça özümiziň gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Pursatdan peýdalanyp, sport ulgamynyň işgärleri üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen sportunyň Hak howandary, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
BALKAN WELAÝATYNYŇ SPORT WE ÝAŞLAR SYÝASATY BAŞ MÜDIRLIGI