Soňky habarlar

6-njy aprel «Halkara sport güni – parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna»

Çuňňur hormatlanylýan Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen sportyny dünýä derejesinde ösdürmek, sport we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlary sporta çekmek, ýokary netijeli sporty we Olimpiýa hereketini has-da ösdürmek, eziz Diýarymyzy sport döwleti hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda abraýyny pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Döwletimizde dünýä, yklym we sebit derejesinde iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülmegi Bitarap döwletimiziň oňyn, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär.

Bitarap Türkmenistan – halkara sport hereketiniň ýokary ynsanperwerlik taglymatlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny biri hökmünde alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-njy sessiýasynyň         96-njy umumy mejlisinde «6-njy apreli Halkara sport güni – parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly 67/296 belgili Kararnamasy kabul edildi. Elbetde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň her bir kabul edýän Kararnamalary guramanyň agza döwletleriniň ählisine degişlidir.

Döwletimiz Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, diýarymyzda birnäçe iri halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirdi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda bolsa «Amul – Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny, Hazarýaka döwletleriniň mekdep-medeni sport festiwalyny hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatlaryny bellemek bolar. Bu sport ýaryşlarynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp goramagy başardylar.

Sport parahatçylygyň ilçisidir. Çünki sport – döwletleriň we halklaryň arasynda halkara sport hyzmatdaşlygyny, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär. 

Pursatdan peýdalanyp, dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlary hem-de Bitarap Watanymyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, çuňňur hormatlanylýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.