Soňky habarlar

V. Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany

 Şu ýerde aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, 2010-nji ýylyň dekabr aýynda Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasynda üçtaraplaýyn degişli resminama gol çekilmegi Türkmenistanyň sport diplomatiýasynda we halkara gatnaşyklarynda gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Çünki bu oýunlary ýurdumyzyň geçirmek boýunça Aziýanyň olimpiýa geňeşi tarapyndan ynanylmagy Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen sportyna berilýän uly ünsiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ady agzalan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýa yklymyndan 45 we Okeaniýanyň 19 sany döwletleri, şol bir wagtda Milli Liderimiziň ýöredýän ynsanperwer syýasaty netijesinde bosgunlar topary gatnaşdylar. 10 günläp gyzganly sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda türkmen türgenleri toparlaýyn I orna mynasyp bolmaklary, Eziz Arkadagymyzyň ynamyny doly ödemegi we ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrmagy başardylar.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy maslahatynda «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda» Jarnamasy biragyzdan kabul edildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň 29-sy bu resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etdiler.

Kabul edilen jarnama laýyklykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agza ýurtlary bosgunlaryň hem-de bosgunlaryň toparlarynyň iri halkara sport çärelerine gatnaşmagyny goldaýarlar, olar ilkinji gezek Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde 2016-njy ýylda geçirilen XXXI Olimpiýa oýunlaryna, 2017-nji ýylyň 4-13-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde geçirilen sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça dünýä çempionatyna, has takygy Aziýa yklymynda ilkinji gezek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşdylar.

Elbetde, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnamanyň kabul edilmegi, munuň özi sebit hem-de dünýä ösüşiniň möhüm wezipeleriniň, şol sanda ynsanperwer we durmuş meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Bitarap Watanymyzyň belent halkara abraýynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Halkara sport guramalary tarapyndan ýurdumyzda iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Bular boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti we sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli merkezleri we federasiýalary tarapyndan öwrenilýär we halkara sport guramalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem Eziz Diýarymyzda hem dünýä we yklym derejelerinde iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň Milli Parlamenti tarapyndan döwletimizde sport ulgamyny ösdürmek we ýaşlary hukuk taýdan goldamak boýunça zerur bolan Kanunlar kabul edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýan «Bedenterbiýe we sport» hakynda Türkmenistanyň Kanuny (23.05.2015) raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

Ýurdumyzda bedenterbiýe we köpçülikleýin sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, şonuň ýaly-da türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmaklyga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn çemeleşmek esasynda amala aşyrylýar.

Döwletimizde ýene-de üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalarynyň biri hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasydyr». Bu Maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminamadyr.

Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmek boýunça çykyş edýär we beýleki döwletlere nusgalyk görelde bolýar. Bitarap Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi döwletleriň sport arkaly ýakynlaşmagyna hem-de hoşmeýilli gatnaşyklaryň pugtalanmagyna oňyn täsir edýär. Bu başlangyçlaryň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany asudalygyň we sportuň mekanyna öwrülýändigini aýdyň görkezýär.

Dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlary hem-de Bitarap Watanymyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Çuňňur hormatlanylýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!

Mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.