Soňky habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar

2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti «Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça Bütindünýä maslahatyna» gatnaşdy. Maslahat Syýahatçylyk şäherleriniň Halkara federasiýasynyň (SŞHF) çakylygy boýunça «Hyzmatlaryň hytaý halkara 2020 söwda-ýarmarkasynyň» çäginde geçirildi.

Şu ýylyň maý aýynda degişli elektron şahadatnamanyň gowşurylmagy bilen Aşgabat şäheriniň SŞHF-nyň agzalygyna kabul edilmegi bilen wekiliýetiň bu çärä gatnaşmagynyň mümkin bolandygyny nygtamak zerurdyr.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Syýahatçylyga goýulýan maýalar we olaryň maliýeleşdirilmegi» hem-de «Syýahatçylyk ugurlarynyň üýtgemegi we senagatyň gaýtadan ugur almagy» atly esasy jemleýji sessiýanyň barşynda çykyş etdi.

Öz çykyşynda döwletimiziň wekili Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ilatyň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter özgerdilmegine, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, hususy pudak, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli syýasy we durmuş-ykdysady özgertmelere, şonuň ýaly-da Beýik Ýüpek ýolunyň kemala gelmeginde hem-de pugtalandyrylmagynda Türkmenistanyň taryhy we siwilizasion ornuna üns çekdi.

Şeýle hem ol öz çykyşynda şu ýyl şanly 25 ýyllygy bellenilýän Bitaraplyk syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini nygtady.

www.neutrality.gov.tm