Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eziz diýarymyzyň parahatçylygynyň, asuda asmanymyzyň kepili bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk – bagtyýar durmuşyň kepilidir» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň we bu derejäniň bütin dünýäde ykrar edilmeginiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň durandygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Bitaraplyga bagyşlanan maslahat Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde geçirildi.
Muhammetmekan KAKYŞOW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni.