Soňky habarlar

28-nji möwsümiň 28 kyssasy: birinji bölüm

Bahar paslynyň girmegi bilen uly futbol möwsümine gadam basdyk, has anygy janköýerleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Türkmenistanyň futbol boýunça 28-nji çempionaty başlady. Bu möwsümiň geçenkä garanyňda, umuman-a beýleki möwsümleriň hemmesine garanyňda has şowhunly boljakdygyna özüm-ä ynanýaryn. Dogry, bu barada meniň bilen düýbünden ylalaşmajak adamlaryň köplügini aňýaryn. Häzirki wagtda olaryň serinde at çapýan pikirlerden gaýybana bolsa-da habarym bar, geliň, olar bilen biraz söhbet edeliň!

  – Geçen möwsümde iň köp pökgi geçiren (14 top) ezber hüjümçimiz Didar Durdyýew bu ýyl bizde oýnamaz.

– Elbetde ylalaşýan.

– Milli ýygyndymyzyň esasy goragçylary Abdy Bäşimow we Şöhrat Söýünow hem bu möwsümde milli çempionatymyzy güýçlendirmez.

– Onuň bilenem ylalaşýan.

– Milli ýygynda çagyrylýan ýene bir derwezeçi Rahat Japarow bilen «Ahalyň» we milli ýygyndymyzyň ezber oýunçysy Wezirgeldiniň oýnuny hem bu möwsümde görüp bilmeris.

– Oňa-da hä diýýän.

– Iň esasy hem soňky döwürler çempionatymyza bezeg berýän Meredow we Hojageldiýew garşylygy bu möwsüme bezeg bermez. Türkmen futbolyndaky Gwardiýola we Mourinýo diýip atlandyrylan bu tälimçileriň bäsdeşligi indi nähili doldurylar.

 – Men oň bilenem ylalaşýan. Indi azajygam bolsa meni diňlemegiňizi haýyş edýärin. Bu ýerde ylalaşyp ylalaşmalyk özüňe bagly. Özümem bu barada köp gürläp oturmazdan bary-ýogy iki sany aýratynlyga ünsi çekjek.

Akpamyk ertekisini okamadyk ýok bolsa gerek. Ertekide ümä baran gyzlara «Oglan dogany barlara düşekde, ýoklaram düşeksiz ýerde oturmaly» edilýär. Heniz doganlarynyň baryndan habarsyz Akpamygam düşekde oturmakdan saklanýar. Emma onyň ýedi dogany hakyndaky wakadan habarly bir garryja aýal gelip Akpamyga «Kim külde otursa-da sen bir otyrma gyzym, iliň bir oglan dogany bolsa seniň ýedi agaň bardyr» diýýär. Şeýlelikde, Akpamygyň durmuşynda täze bir erteki başlanýar. Agasy bar gyzyň buýsanjy we agasy bar gyzlar ýaly ýaşamak hyjuwy. Ertekiniň ERTEKIDÄKI dowamyny hemmämiz bilýäris.

Men welin söhbetimizi onuň futbol älemindäki dowamy bilen utgaşdyrmakçy bolýaryn. Bir hakykat bar, türkmen futboly AFK-a agza bolaly bäri yklymyň orta gürp oýun görkezýän futboly, hatda yklymyň öňdebaryjylaryna hem köp kelleagyry döredip bilýän futbol bolup gelýär. Milli ýygyndymyzam, toparlarymyzam Aziýada iň pesleriň hataryna goşulmady. Ilkinji ädimlerde-de peslere goşulmady we häzirem şeýle. Ilki başda Aziýanyň Çempionlar ligasynda hem «Köpetdagyň» we «Nisanyň» mynasyp çykyşlaram muňa mysaldyr. Emma aralykda ýüze çykan yza tesişlik toparlarymyzy Çempionlar ligasyndan daşlaşdyrdy. Bu bolsa heniz ýurt futbolynyň yklymda orta gürp ýagdaýyny saklap galandygyny aňladýardy we toparlarymyz ýene-de öňe hereket edip başlardylar.

Ilki «Balkan» ýurdumyza ilkinji halkara kubogy getirdi. Soň bolsa uly sahna «Altyn asyr» çykdy. Her ýurdyň futbolynda esasy ýüki çekmek üçin haýsydyr bir topar bilini bek guşap orta çykmaly bolýar. Şol topar hem milli ýygyndynyň bazasy hökmünde hereket etmeli we ýurt futbolynyň ýüzi bolup halkara arenasynda çykyş etmeli. Edil Italiýada «Ýuwentus» bolşy ýaly. Bizde bu iş ilki bada «Köpetdaga», ondan soňra «Nisa» tabşyryldy. Biraz şol ýüki egne alyp biljek topar tapylmansoň ýurt futboly çempionlar ligasyndan AFK-nyň kubogyna çenli geldi. Şondan soňra uly sahna «Altyn asyr» çykdy.

«Altyn asyr» juda kyn toparçadan çykyp AFK-nyň finalynda oýnady we ikinji ýylam şol kyn toparçada ýeňiji bolmagy başardy. Netijede, aragatnaşykçylar yklym ýaryşlarynda ýurdumyza berilýän ornuň ähmiýetini ýitileşdirdi. Ahyry şol sahypany gaýtadan açdy we şu ýerde-de ertekidäki ene peýda boldy-da: «Seniň ornuň bu ýeri däl, bir saý-sebäp bilen şeýle görünse-de, seniň «agalaryň» yklymda yz goýanlardy, siziň futbola nähili girişenligiňizi Ýaponiýanyň ýaşyl meýdançalary (Aziada-1994) heniz-henizlerem unudanok» diýdi.

 Ine, gardaş uzak arakesmeden soň bize gujak açan çempionlar ligasyna ýollanma almak haýsy toparyň paýyna düşerkä? 28-nji futbol çempionaty başga hiç bir zady hasaba almanyňda-da şu sowalyň jogabyny tapjaklygy üçinem, biziň gözümiziň öňünde taryh sahypasyndan orun alar.

«Gwardiýola bilen Mourinýoly mysaly getirmedik bolanyňyzda, ahmal, men ikinji delili aýtmasamam aýtmazdym» diýip, hyýaly söhbetdeşime ýüzlenesim gelýär.

–Hawa? diýip soragly nazaryňyzy sahypa dikeniňizi aňýaeyn, elbetde.

–Howlukma, munuň üçin Şekspiri dünýä beren diýara syýahat etmeli boýarys –diýip, sözümi dowam edeýin...

2016-njy ýylda «Lesteriň» 81, 2015-nji ýylda «Çelsiniň» 87, 2014-nji ýylda «Mançester Sitiniň» 86, 2013-nji ýylda «Mançester Ýunaýtediň» 89 utuk bilen çempion bolandygyny hemmämiz bilýäris gerek? Hawa. Onda 2019-njy ýylda 97 utuk gazanan «Liwerpulyň» näme sebäpden ikinji orna düşendigi hakynda oýlanyp gördüňizmi?!

«APL-de (Angliýanyň Premýer ligasy) täze erteki ýazdy» diýýän «Lesterimize» 81 utuk ýeterlik bolan bolsa «Liwerpul» edil şu gün çempion diýip ykrar ediläýmeli. Olarda şu wagtam 82 utuk bar. Göz öňüňize getiriň, APL-iň pellehanasyna ýetip geldiň, eliňde 97 utuk, pikirleniň ýene bir gezek APL-de 97 utuk diýmek nähili üstünlik ol. «Çempion boldum» diýip ýaňy bir begenjek wagtyň üstüňe bir kölege abanýar, seretseň Pep Gwardiýola. Diňe şol, başga hiç kimiň çempion bolmaga haky ýokdy. Ol ýerde bary-ýogy bir utuk, ony hem 98-e ýetirip bilen ispan tälimçisiniň işi bi. Bärde men bir zady aýratyn belläýin, Gwardiýolanyň esasy ýaragy şol, ol «uzak aralykdan gowy atýar». Belli bir oýunda (meselem, superkubogyň oýnunda, finallarda) ejiz gelip biler, emma anyk alnan bir klub bilen uzakdaky zady maksat edip goýsa, eýdip-beýdip alýar, ol çempionatyň ussady, kubok oýunlarynyň tälimçisi däl.

 «Altyn asyryň» tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew hem uzaklary nazarlap, işleýän tälimçilerden. Üns berýän bolsaňyz, aragatnaşykçylaryň uzak wagtlap ýylyň ýylyna çempion bolup gelýärler. Milli çempionatlarymyzyň aglabasynda çempion esli wagt öňinden kesgitlenmändi. Hut şonuň üçinem, Türkmenistanyň çempionynyň sebitimiziň (Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan) beýleki döwletleriniň çempionlaryna garanyňda, ikinji ýerdäkiden uly aratapawut bilen öňe saýlananok. Bu ýagdaý tälimçiniň «Altyn asyrda» özüne mahsus häsiýet kemala getirendigini aňladýar. Belki, bu ýagdaýy garşydaşyňa iň soňyna çenli mümkinçilik bermek diýip düşündirmelidir.

Şeýle häsiýetler döwrebap futbola mahsus. Şonuň üçin ýokarda agzalan ezeli garşydaşlar oýnundan binesip galaryn diýip gorkmaga  hajat ýok. «Altyn asyr» çykyş edip dursa, garşylyk hiç ýerigem gitmez. Ýene bir bellemeli zat Ýazguly Hojageldiýewiň çempionatymyzdaky dowamly çempionlyk rekordy hem bu möwsümi bezär. Ol rekordyň AFK-nyň kubogynda hem ünsi çekiji ýagdaýlygyna galýandygyny bellemek gerek.

 Ýogsa-da, milli ýygyndymyzyň ýene-de esasy üç futbolçysynyň milli çempionatymyza dolananlygynam bellemek gerek: Ahmet Ataýew, Amir Gurbany we AFK-nyň kubogynyň eýesi Artur Geworkýan. Tejiribeli futbolçylaryň milli çempionatymyza dolanmagy ýaryşa özboluşly bezeg berer.  

 Gürriňimi kän uzaltmak islämok, sebäbi öňde ýene-de 27 kyssa bar. Munuň «28-nji möwsümiň 28 kyssasy» atly makalalar toplumynyň heniz 1-nji bölümidigini ýatladýarys.

Merdan BAÝAT,

sport synçysy.