Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň önümçilik tejribesini geçýän döwründe olaryň sport ulgamynda alan bilimine esaslanyp okuwçylaryň arasynda okuw türgenleşik sapaklary geçirilýär. Şeýle türgenleşik ýakynda Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebinde guraldy.
Ýaşlarymyzy sporta çekmek, sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermek, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaşlary höweslendirmek maksady bilen guralan okuw türgenleşigi okuwçylaryň arasynda küşt, şaşka, düzzüm boýunça geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikdäki ylalaşylan meýilnamasy esasynda guralan bu okuw türgenleşigi okuwçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Käbegül BEGMYRADOWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň I derejeli hünärmeni.