2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda, Yslamabat şäheriniň Marriott myhmanhasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Brifinge gatnaşyjylara 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli giňden bellenilip geçirilýän we şu ýylyň dowamynda halkara derejesinde bellenilip geçiriljek çäreler beýan edildi.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça elektrik energiýasynyň geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi.
Brifingde «Melange» halkara žurnalynyň baş redaktory hanym Amna Malik, şeýle hem pakistanly analitik jenap Abdul Rahman Bilal dagylar çykyş edip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda alnyp barylýan işlere we geçirilýän çärelere, aýratynda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän TOPH, TOP taslamalaryna ýokary baha berdiler.
Hususan-da, 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň aýratyn möhüm orun eýeleýändigi aýratyn bellenip geçildi.
www.neutrality.gov.tm