2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş.) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş.) tаrаpyndаn Izmir şäheriniň Konak etrap häkimligi bilеn bilеlikdе Izmir milli kitaphanasynyň edаrа binаsyndа Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan we halkymyza sowgat edilen «Paýhas çeşmesi», «Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynyň tanyşdyryş maksady bilen ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi.
Çära Konak etrap häkimi, Izmir welaýatynyň medeniýet müdirliginiň, Izmir milli kitaphanasynyň ýolbaşçylary we dürli ylmy edaralaryň wekilleri hem-de uniwersitetlerde bilim alýan türkmen we türk talyplary gatnaşdylar.
Ylmy maslahatda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Bаş kоnsuly, Izmir Konak etrap häkimi, Izmir milli kitaphanasynyň müdüri hem-de Türkiýäniň birnäçe abraýly jemgyýetçilik we ylmy işgärleri çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky ýardamy, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özarabähbitli gatnaşyklary ösdürýändigini belläp geçdiler.
www.neutrality.gov.tm