Paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubunyň wekilleri bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna badalga berildi. 20-nji awgusta çenli dowam etjek çäre iki ýurduň welosipedçileriniň diňe bir fiziki taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, tälimçileriň tejribe alyşmagyna, täze türgenleşik usullaryny özleşdirmegine, şeýle hem uzak möhletli sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilik döredýär.
Abu-Dabiden gelen wekiliýetiň düzüminde klubuň dolandyryjysy, iki tälimçi, tigir ussasy hem-de 24 türgen bar. Myhmanlar «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdiler. Olar türgenleşiklerini paýtagtymyzyň Atatürk, Köpetdag köçeleriniň, Arçabil şaýolunyň, Gökdere jülgesiniň ýollarynyň ugurlarynda hem-de Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda geçirerler. Milli ýygyndymyza wekilçilik edýän 15 türgen bolsa baş tälimçi Kakabaý Ataýewiň we onuň kömekçisi Igor Ýoldaşewiň ýolbaşçylygynda türgenleşiklere goşuldy.
Welosipedçiler Aşgabatda jemi 1270 kilometre golaý ýoly geçerler. Şeýle-de, 6 türgenleşik we 3 okuw-usuly maslahat guralar. Şeýle ýygnanyşyklar 2023 — 2025-nji ýyllarda-da geçirilipdi. Türkmen türgenleri şol ýyllarda Abu-Dabidäki halkara ýaryşlara gatnaşypdylar.
Paýtagtymyzdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy tamamlanandan soňra, milli ýygyndymyzyň welosport boýunça 28 — 30-njy awgustda Tailandda Aziýa kubogyna, şeýle-de 29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyna garaşylýar.