Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleriniň üstünlikleri

Türkmen küştçüleri Astanada geçirilen halkara ýaryşlarynda dört medal gazandylar.

Gazagystanyň paýtagtynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türki döwletleriň ilkinji toparlaýyn küşt çempionaty hem-de 16 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda türki döwletleriň ýaşlar küşt Olimpiadasy aýlaw ulgamy boýunça geçirildi. Bäsleşige Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan türgenler gatnaşdylar.

Zenanlaryň arasynda üçünji tagtada çykyş eden Jahan Rejepowa kümüş medal gazandy, birinji tagtada çykyş eden Lala Şöhradowa bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň medallar gaznasyna ýene bir bürünç medaly türki döwletleriň ýaşlar Olimpiadasynda (U16) dördünji tagtada üstünlikli çykyş eden ýaş küştçi Dilber Hupbyýewa getirdi.

 

«Türkmen sporty» gazeti