Soňky habarlar

Maniladan üç medal

Türkmenistanly türgenler Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen karate boýunça 22 nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Aziýa karate federasiýasy WKF-iň howandarlygynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşdy.

Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň toparyna 10 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli eminleriň üçüsi wekilçilik etdi.

Milli ýygyndymyzyň birinji bürünç medalyny Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew 57 kilograma çenli agram derejesinde kadetleriň arasynda kumitede eýeledi. Ýeri gelende bellesek, Alymuhammet şu ýyl Fujeýrede (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Ýaşlar karate ligasy 1» halkara ýaryşynda hem bürünç medal gazanypdy. Ol maý aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçirilen WKF karate boýunça 9-njy Merkezi Aziýanyň çempionatynda bolsa birinji orny eýeläpdi, soňra Ispaniýanyň La Koruña şäherinde geçirilen ýene «Ýaşlar karate ligasy 1» halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy.

Bäsleşigiň ahyrky güni Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene iki bürünç medal gazandy. Baýraklary Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň türgeni Magtymguly Annaýew (55 kilograma çenli agram derejesinde) we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow (75 kilograma çenli agram derejesinde) eýelediler. Olaryň ikisi hem 21 ýaşa çenli ýaş toparynda kumitede üstünlik gazandylar.

Magtymguly Annaýew Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçisi Amangeldi Bäşimowyň elinde karate boýunça tälim aldy, Dawut Nazmyradow bolsa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiň tälimçisi Nazmämmet Şatlykgulyýewyň ýolbaşçylygynda tälim alyp

başlady. Häzirki wagtda türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi, gara guşagyň 5-nji danynyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny artdyrýarlar.

«Türkmen sporty» gazeti