Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen emini Olimpiýa oýunlarynda

Pariž şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiadanyň maksatnamasyna girýän agyr atletika ýaryşlary başlady. Şol ýaryşlara eminlik etmek üçin saýlanyp-seçilip alnan hünärmenleriň arasynda Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, halkara derejeli emin Çarygeldi Mämmedowyň hem bardygyny aýtmak ýakymlydyr.

Türkmenistanly halkara derejeli emin Çarygeldi Mämmedow 2024-nji ýylyň 7-nji awgustynda 49 kilograma çenli agramdaky gyzlaryň ýaryşyna eminlik etmek bilen bassyr ikinji gezek tomusky Olimpiada gatnaşan ilkinji türkmen hünärmeni bolar.

2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda 73 kilograma çenli agramdaky oglanlaryň bäsleşigine badalga berler. 2024-nji ýylyň 10-njy awgustynda bolsa 81 kilograma çenli agramdaky gyzlaryň bäsleşigine eminlik etjek hünärmenleriň hatarynda ildeşimiz Çarygeldi Mämmedowyň boljakdygyny ýatladýarys.

Tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen eminine üstünlik arzuw edýäris.