19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzdan türgenler sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sport ulgamyny halkara derejede ösdürmek babatda uly tejribe toplandy. Türgenlerimiz dürli derejedäki ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy