Soňky habarlar

36 atletikaçy Pariž Olimpiadasynda çykyş etmek üçin Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) bosgunlar toparyna girdi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) Ýerine ýetiriji komiteti 11 ýurtdan 36 türgeniň Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda bosgunlaryň toparynyň düzüminde çykyş etmegini goldady, bu barada Halkara Olimpiýa komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bosgunlar toparyna bütin dünýäden emigrantlaryň 100 million sanysy wekilçilik eder, olar sportuň 12 görnüşi boýunça çykyş ederler. Bosgunlaryň ýygyndysy tomusky Olimpiýa oýunlarynda indi üçünji gezek çykyş eder. Ilkinji gezek 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda çykyş edeninde bu toparda 10 türgen sportuň 3 görnüşi boýunça çykyş edipdi. «Tokio 2021» Oýunlarynda bolsa 29 atletikaçy sportuň 12 görnüşi boýunça çykyş edipdi.

Bosgunlar toparynyň hasabynda heniz gazanylan Olimpiýa medallary ýok. Parižde bosgunlar topary ilkinji gezek öz hususy nyşany bilen çykyş eder.

Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly ― 11-nji awgusty aralygynda geçiriler.

www.news.un.org