Soňky habarlar

Sport parahatçylyk we inklýuziw jemgyýetiň öňe gitmegi üçin möhüm guraldyr

Her ýylyň 6-njy aprelinde bellenilip geçilýän Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna Halkara sport güni Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň durmuşynda sportuň we beden işjeňliginiň neneňsi wajyp orun eýeleýändigini görkezmäge giň mümkinçilik berýär.

Sport durmuş gatnaşyklaryny berkitmekde we durnukly ösüşe hem-de parahatçylyga, şeýle hem raýdaşlyga, hemmelere hormat goýulmagyna ýardam bermekde kuwwatly guraldyr.

Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna Halkara sport gününiň 2024-nji ýyl üçin mowzugy «Sport parahatçylykly we inklýuziw jemgyýetiň öňe hereket etmegi» diýlip kabul edilendir.

Bu gün mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda iri sport guramalarynyň adamlara we olaryň hereket edýän çygryna peýdaly täsir edýän hyzmatdaşlygyna bagyşlanan çäre geçirilýär. Bu çärä halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň «Futbol durnukly ösüşiň hatyrasyna» atly teklibine girýänler gatnaşýarlar. Olar çäräniň barşynda öz öňdebaryjy tejribelerini paýlaşarlar, durmuş özgertmelerini amala aşyrmak we durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy güýçlendirilmelere goşant goşmak bilen bagly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Birleşen Milletler Guramasy aýry-aýry adamlary we toparlary birleşdirmek üçin peýdalanylan halatynda sportuň güýjüni we köpugurly häsiýetini hemişe ykrar edip gelär. Şu maksat bilen ählumumy we ýerli derejelerde dürli çäreler geçirilýär, şeýle hem sport bilen baglanyşykly ýöritte çäreler toplumlary işlenip taýýarlanylýar.

 www.un.org