Abu Aly Hüseýn ibn Abdullah ibn al-Hasan ibn Aly ibn Sina orta asyrlar dünýäsinde iň meşhur, iň bir täsirli filosof alymlaryň biridir. Alym Günbatar ýurtlarynda Awisenna ady bilen meşhurdyr. Beýik alymyň zehin siňdiren ugurlarynyň ählisini sanap geçmek örän kyndyr, çünki alymyň ady lukman, filosof, matematik, sazanda, şahyr ýaly köp ugur boýunça tanalýar.
Beýik alymyň özi gözleg-derňew işlerine we öz döwrüniň bilimleriniň ähli pudaklaryny ensiklopedik taýdan gurşap alyp öwrenmäge we ösdürmäge höwesli bolupdyr.
Filosof alym ajaýyp ýatkeşligi we pikirlenişiniň ýitiligi bilen tapawutlanypdyr. 10 ýaşynda mukaddes kitap bolan Gurhany ýat bilipdir, 20 ýaşynda ony eýýäm belli alym hökmünde giňden tanapdyrlar. Alymyň lukmançylyk ugrundan ajaýyp işleriniň biri bolan «Lukmançylygyň kada-kanunlary» atly işi lukmançylyk ylmynyň ensiklopediýasy diýlip hasaplanýar.
Biz beýik alym hem-de lukman Ibn Sinanyň saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada aýdan pähimli jümleleriniň birnäçesini okyjylarymyza ýetirýäris.
Kimde-kim ukuda wagtynda ýygy-ýygydan derleýän bolsa, başga sebäpleriň bolmadyk ýagdaýynda, munuň özi bedeniň göterip bilmejek derejesinde iýmit bilen doldurylandygyny aňladýar.
Hereket etmek köp sanly dermanlaryň ornuny çalşyp biler, ýöne dünýäde hiç bir derman hereket etmegiň ornuny çalşyp bilmez.
Bedeniň, ýaşyň, paslyň aýratynlyklaryna laýyk gelýän syrkawlyklar, bu aýdylanlara gabat gelmeýän we diňe belli bir sebäplere görä döreýän syrkawlyklara görä has howpsuzdyr.
Sagdyn adamlaryň ukularyna ýeterlik derejede üns bermekleri zerurdyr. Olaryň ukusy wagta görä laýyk bolmalydyr, çendenaşa artyk bolmaly däldir.
Gyşda gök önümler ýaly az iýmitlik güýji bolan iýmitleri iýmek maslahat berilmeýär, bu pasylda iýmitlik güýji has artyk bolan iýmitler iýilmeldir. Tomusda bolsa bu ýagdaý tersine bolmalydyr.
Bedene hiç bir zat düzümi ýaramaz süýt ýaly güýçli zeper ýetirip bilmez.
Lukman laçynyňky ýaly ýiti gözli, gyzyňky ýaly näzik elli, ýylanyňky ýaly pähimli we ýolbarsyňky ýaly batyr ýürekli bolmalydyr.
Aşgazanyň ganym duşmanlarynyň biri artykmaç iýmekdir, çünki ol iýermen adamyň bedenini gurplandyrmaýar, sebäbi iýmit onuň aşgazanynda siňip bilmeýär we beden ondan gerekli iýmitini alyp bilmeýär.
Peýdaly işi, şondan soňky duýulýan ýeňillik, işdäň has gowulanmagy, ýürek urşuň we dem alşyň kadalaşmasy, şeýle hem beýleki güýçleriň ýagdaýy esasynda peýdasyz işden tapawutlandyrmak bolar.
Suwy, hususan-da ýalandan suwsuzlyk ýagdaýynda, birbada içmän, owurtlap içmelidir.
Hammamda gereginden artyk uzak wagtlap saklanýan adama, ýüregiň artykmaç gyzmagy sebäpli, huşundan gitmek howpy abanýar; şeýle pursatda onda ilki bilen gaýtarma mümkinçiligi artýar.
Iýmitiň ýeterlik mukdaryny siňdirmäge mümkinçiligi bolmadyk adam ýygy-ýygydan, ýöne az-azdan iýmelidir.
Çenden artyk uklamak ruhuň güýçleriň lellimligini, beýniniň kütekligini we sowuk syrkawlyklary oýarýar.
Gowşak beden üçin fiziki maşklar ýeňil görnüşde, güýçli beden üçin bolsa güýçli bolmalydyr.
Eger haýsydyr bir gün has köp iýmit iýlen bolsa, ertesi gün aşgazana açlyk çekdirmelidir.
Taýýarlan Selbi BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.