Soňky habarlar

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan bäsleşik

Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy. Ýaryşa ýetginjekleriň 34-si gatnaşdy.

Bu ýerde 500 metre ýeriňden start bermek bilen badalga alan gyzlaryň bäsleşiginde Sofiýa Abakumowa ýeňiji boldy. Anastasiýa Andreýewa ikinji, Sofiýa Guşşina üçünji orunlara eýe boldular. Şu görnüşden 1000 metre guralan oglanlaryň ýaryşynda pellehana birinji gelmek Döwletgeldi Anjikowa miýesser etdi. Resul Bäşew ikinji, Ýeňiş Rejepnurow üçünji orny eýeledi. Oglanlaryň 3000 metre guralan ýaryşy hem şu türgenleriň ýeňişleri bilen jemlendi.

2000 metr aralyga gyzlaryň wagt görkezijisi boýunça bäsleşigi hem diýseň dartgynly geçdi. Onda Sofiýa Guşşina ýeňşe ýetdi. Sofiýa Abakumowa ikinji orny eýelese, Kseniýa Karaýewa öňdäki üçlügi jemledi.

“Türkmen sporty” gazeti.