Soňky habarlar

Türkmenistanyň kubogy: çärýek finalyň ilkinji oýunlary

2023-nji ýylyň 9-njy maýynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň ilkinji oýunlary geçirildi.

«Köpetdag» bilen «Arkadagyň» arasyndaky duşuşyk myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy (1: 5). Aşgabatda «Nebiçi» «Altyn asyr» toparyndan utuldy (1: 0). «Şagadam» myhmançylykda «Ahaldan»  uly hasap bilen utuldy (1: 4). «Merw» öz meýdançasynda «Aşgabatdan» rüstem geldi (3: 1).

Türkmenistan kubogynyň çärýek finalynyň jogap oýunlary 20-nji maýda geçiriler.