Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň suwda ýüzmek boýunça açyk birinjiligi geçirildi. Türkmenbaşynyň «Olimpiýa» suw-sport toplumynda geçen ýaryş sportuň olimpiýa görnüşi bolan suwda ýüzmegiň 4 usuly boýunça bäsleşikleri özünde jemledi. 2011-2012-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň çekeleşikli bäsleşikleri topluma ýygnanan sport muşdaklarynda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Ýaryşa Sport mekdebiniň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň mekdebiniň türgenleri gatnaşdylar.
50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça ýaryşda Kseniýa Klimuşina ýeňiş gazandy. Mark Pilýuginiň elinde türgenleşýän zehinli gyz bellenen aralygy 36,40 sekuntda geçdi. Ikinji orny 55,51 sekunt netije bilen Aýgül Ataşowa, üçünji ýeri bolsa 50 metri 56,22 sekuntda külterlän Weronika Nirenskaýa (ikisiniň hem tälimçisi Sergeý Gnatýuk) eýeledi. Şol aralyga oglanlaryň erkin usulynda ýüzmek bäsleşiginde Danil Epilman tapawutlandy. Ussat tälimçi Sergeý Gnatýugyň şägirdi 38,63 sekunt netije görkezdi. Emir Kambarow 39,15 sekunt netije bilen ikinji (tälimçisi Rustam Esenow) ýere düşse, görkezilen aralygy 39,30 sekuntda aşan Zahar Gnatýuk (tälimçisi Sergeý Gnatýuk) üçünji boldy.
100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek ýaryşy diňe oglanlaryň arasynda guraldy. Bu bäsleşik 1 minut 28,16 sekunt netije görkezen Danil Epilmanyň ýeňşi bilen jemlendi.
50 metre arkanlygyna ýüzmekde gyzlardan ýene-de Kseniýa Klimuşina tapawutlandy — 40,51 sekunt. Oglanlardan bolsa Mark Pilýuginiň şägirdi Artýom Sawçuk ýeňşe ýetdi. 100 metre arkanlygyna ýüzmek ýaryşy oglanlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylyp, onda Emir Kulniýazowyň (tälimçisi Mark Pilýugin) 1 minut 51,15 sekunt netijesi iň gowy görkeziji hökmünde bellige alyndy.
Brass usulyndan guralan ýaryşlar hem diýseň çekeleşikli geçdi. 50 metre uzaýan menzili ilkinji bolup ýüzüp geçmek ýene-de Kseniýa Klimuşina (52,69 sekunt) miýesser etdi. Şol aralyga oglanlaryň ýaryşynda Zahar Gnatýuk (47,34 sekunt) öňdeligi elden bermedi. Zahar brassda 100 metre guralan ýaryşda hem iň uly üstünlige eýe boldy.
Batterflýaý ýaryşlary hem iň zehinli oglanlary ýüze çykardy. 50 metre ýüzmekde Danil Epilmanyň 53,17 sekuntlyk netijesinden ýokary görkeziji bellige alynmady. Bu görnüşden 100 metre geçirilen ýaryşda bolsa 2 minut 30,23 sekuntlyk netijesi bilen Ibragim Gambarow (tälimçisi Mark Pilýugin) ýeňiş gazandy.
Bu ýaryş suwda ýüzmek boýunça milli mekdebimiziň ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini äşgär etdi.
«Türkmen sporty» gazeti.