Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny taýýarlaýan «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçylary ýurdumyzyň mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda geçýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Bagtyýarlyk etraby boýunça tapgyryna gatnaşdylar. Mekdebiň 10-njy «E» synp okuwçysy Atajan Babaýew taryh dersinden, 11-nji «D» synp okuwçysy Kyýas Baýgeldiýew bolsa geografiýadan diýseň taýýarlykly gelendiklerini subut etmegi başardylar. Olaryň ikisine-de üçünji orny eýelemäge sähelçe şowlulyk ýetmedi. «Olimp» orta sport mekdebiniň zehinli ýaşlary nobatdaky bilim bäsleşiklerinde netije gazanmak üçin häzirki günlerden yhlasly taýýarlanjakdyklaryny gürrüň berýärler.
Biz sportda hem-de bilimde sazlaşykly kämilleşýän ýaşlaryň mekdebiniň birinji derejeli mugallymy Güljahan Amanowanyň taýýarlan okuwçylarynyň ikisine hem nobatdaky şeýle bäsleşiklerde ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
«Türkmen sporty» gazeti.