Biz türkmen ýygyndysynyň Bahreýn Patyşalygynyň Isa-Taun şäherinde geçen tennis boýunça 14 ýaş we şondan kiçi türgenleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça halkara ýaryşyndaky ilkinji netijeleri hakynda habar beripdik. Şol netijeleriň biri ildeşimiz ýaryşyň birinji tapgyrynda Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Özbegistandan gelen ýetginjekleri ýeňlişe sezewar edip, finala çykan Ilima Guseýnowa tarapyndan gazanyldy. Çekeleşikli geçen oýunda garşydaşyndan az-kem asgyn gelen türkmenistanly ýetginjek ikinji orna mynasyp boldy. Imran Ahundow bilen Selim Çagylow jübüti hem finala uzaýan ýoly şowly geçdi. Diňe finaldaky garşydaşlaryndan ýeňlen zehinli ýetginjeklerimiz hem ýaryşyň birinji tapgyryny ikinji orun bilen jemlediler.
Türkmenistanly ýetginjekler yklymyň sebitleýin halkara ýaryşynyň ikinji tapgyryna hem şowly başladylar. Ildeşlerimiziň ählisi birinji duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlamagyň hötdesinden geldiler. Emma iň uly üstünligiň ýene-de Ilima Guseýnowa tarapyndan gazanylandygyna ünsi çekmelidiris. Ýekeleýin bäsleşigiň üçünji orny ugrundaky duşuşyk türkmenistanly gyzlaryň ikisiniň arasynda geçdi. Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ilima Guseýnowa paýtagtymyzdaky 32-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Natalýa Martynowanyň garşysyna çykdy. 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan Ilima üçünji orna eýe boldy.
«Türkmen sporty» gazeti.