Şu günler türkmenistanly ýetginjekler Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçýän tennis boýunça 14 ýaş we şondan kiçi türgenleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaryşynda çykyş edýärler. Ýaryşda ýetginjeklerimiziň dördüsi ýeňiş ugrunda göreş alyp barýar. Ýaryşa 14 döwletden 56 türgen gatnaşýar.
Bu ýaryşdan gelip gowuşýan hoş habarlar bolsa Täze ýylyň täze üstünliklerine uzaýan ýoluň buşlukçysyna öwrülýär. Türkmenistanly ýetginjek Ilima Guseýnowa bu ýaryşyň finalyna çykmagy başardy. Ol finala çenli gyrgyz hem-de özbek ýetginjeklerinden üstün çykdy. 12-nji ýanwarda bolsa zehinli ildeşimiz final duşuşygyny geçirdi. Jemleýji duşuşykda özbek türgeninden asgyn gelen ildeşimiz bu ýaryşda ikinji orny eýeledi.
Ýetginjekler ýygyndymyzyň wekilleri Imran Ahundow bilen Selim Çagylow bolsa bu halkara ýaryşyň jübütleýin bäsleşiginiň finalynda çykyş etdiler. Final duşuşygyny özbegistanly ýetginjekler bilen geçiren ildeşlerimiz ikinji orna mynasyp boldular.
Indi ildeşlerimize sebit boýunça geçirilýän ýaryşyň nobatdaky has möhüm tapgyry garaşýar. Ýaryş şu gün başlanýar.
Biz türkmenistanly ýetginjeklere nobatdaky möhüm synaglarda hem uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
«Türkmen sporty».