V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika ýaryşynda türkmen türgenleriniň ilkinji üstünligi gazanyldy. Uly sport baýramçylygynyň ilkinji günlerinde türkmen toparynyň ilkinji medalyny eýelemek Ýulduz Jumabaýewanyň paýyna düşdi. Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýulduz Jumabaýewa gyzlaryň 49 kg agram derejesindäki ýaryşyna gatnaşdy. Şol agramdaky ýaryşda ildeşimizden başga-da, Türkiýe Respublikasyndan we Saud Arabystany Patyşalygyndan bolan türgenler oýunlaryň medallaryny gazanmak ugrunda ýiti göreş alyp bardylar. Ildeşimiz silterläp götermekde 74 kg netije bilen bürünç medala eýe boldy. Itekläp götermekde bolsa 93 kg agyrlygy boýun egdirip, bürünç medal gazandy. Onuň iki görnüşiň jemi boýunça 167 kg agyrlygy galdyrmagy Ýulduzyň umumy netijesi boýunça hem bürünç medal gazanmagyny şertlendirdi. Şeýlelikde, ildeşimiz ýurdumyzyň baýrak gaznasyna V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň bürünç medallarynyň üçüsini getirdi.
V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparyna 12 türgen wekilçilik edýär.
Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna 56 döwletden 4000-den gowrak türgen gatnaşyp, şol ýerde bolýan türkmen wekiliýeti jemi 116 adamdan (81 türgen, 18 tälimçi, 2 emin, 3 lukman we 12 resmi wekil) ybaratdyr.
«Türkmen sporty» gazeti.