Soňky habarlar

Sport parahatçylygyň we dostlugyň çapary

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda pugtalandyrýar we giňeldýär.

  Bütin dünýä Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýan iri halkara sport forumlaryny guramak ukybyny hakykatdanam görkezýändigine we subut edýändigine şaýatdyr. 

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler, oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Parižde (Fransiýa) geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysyny taýýarlamak üçin Guramaçylyk komitetini döretdi we düzümini tassyklady.

Wagt bir duran ýerinde durmaýar. Olimpiýa oýunlaryndan soň halkara sport senenamasynda ýazylyşy ýaly, 2025-nji ýylda Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sambo boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanyň halkara sport abraýyny ýokarlandyrmaga we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de, ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ýaýbaňlandyrmaga goşant goşjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň düýbüni tutujy Pýer de Kubertin (1863-1937) «Sporta oda» atly goşgy ýazýar. bagyşlanýar. Onda şeýle sözler bar: «Sport! Sen – dünýä! Halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary gurýarsyň. Sen – ylalaşyk. Agzybirlik isleýän adamlary bir ýere jemleýärsiň. Sen asylly, asuda, dostlukly bäsleşigiň çeşmesisiň».

 Otuz ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň halky öz ýurdunyň häzirki taryhynyň ösüşiniň şaýady we döredijisi boldy. Biziň ýolumyz parahatçylykdyr. Biziň ýolumyz halkara gatnaşyklarynda, şol sanda sportda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekdir.

 

  «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly