Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri, Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gelip çykýan ýörelgeleri, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan işleri wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahat diýseň täsirliligi bilen tapawutlandy. Bu wagyz-nesihat maslahaty «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Beýik maksatlar bilen röwşen geljege» diýen şygar astynda guraldy.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysynyň alyp barmagyndaky maslahatda ilki bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy tarapyndan döwlet syýasatymyzyň iň möhüm ugurlarynyň ähmiýeti, many-mazmuny giňişleýin düşündirildi. Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň, Adalat ministrliginiň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýolunda amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini, kada-kanunçylygyň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň raýatlaryň durmuşyndaky ornuny, milli ýörelgelerimiziň jemgyýetimizde ahlak gymmatlyklarymyzy berkarar etmekdäki mazmunyny düşündirdiler. Şeýle-de, bu ýerde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň agzasynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekiliniň we paýtagtymyzyň 5-nji Saglyk öýüniň lukmanynyň çykyşy üns bilen diňlenildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlarynyň, ähmiýetli ädimleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Rahat SAMATOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygynyň orunbasary.