Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Şanly  senäniň  şanyna

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we beýik geljegidir» atly okuw maslahaty geçirildi.

***

2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli figuralaýyn typmak boýunça «Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň mekany sen Aşgabat» atly  görkezme çykyşlar geçirildi. Şeýle-de, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Duşuşygyň guramaçysy bolup, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebi hem-de Gyşky oýunlar sport toplumy çykyş etdi.

***

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ussat türgenleriň gatnaşmagynda uçurymlaryň Olimpiýa şäherçesine gezelenji guraldy. Uçurymlaryň gezelenji Türkme nistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebi tarapyndan guraldy.

 ***

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Ýeňiş gününiň 76 ýyllygy mynasybetli «Müdimidir ady merdem gerçekleriň» atly weteranlar bilen duşuşyk geçirildi. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi tarapyndan guralan duşuşyga ady agzalan mekdebiň okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar.

 ***

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Awtomobil sporty merkezine uçurymlaryň gezelenji guraldy.Awtomobil sporty merkezine guralan gezelenjiň guramaçysy bolup  «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy çykyş etdi.

«7/24.tm»

(TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bäsleşigine)