Soňky habarlar

Ak şäheriň waspy

ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ BÄSLEŞIGINE. Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ýurdumyzdyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar, teswirelr, söhbetdeşlikler, fotoreportažlar ýerleşdirilýär. Beýleki habar beriş serişdeleri bilen birlikde web saýtlarda hem bu şanly waka öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky  ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşigi bolsa bu ugurda edilýän işleri has ilerleder.

Bäsleşigiň Düzgünnamasynda beýan edilişi ýaly, ol 2021-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder. 2021-nji ýylyň 20-22-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijileri kesgitleniler.

2021-nji ýylyň 23-nji maýynda «www.yashlar.gov.tm» web-saýtynda ýeňijiler ýörite habar arkaly yglan ediler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçiriler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň hemmesine üstünlik arzuw edýäris!

«7/24.tm»