Soňky habarlar

Görmäge göz gerek...

ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ BÄSLEŞIGINE. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän her bir täze desga, ýaşaýyş jaýy, medeni-durmuş maksatly binalar ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döredýär. 

Aşgabadyň täsin binagärligi, beýik ösüşleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alynmagy bolsa bu aýdylanlara subutnama bolup durýar. Muňa mysal edip bolsa Aşgabat Halkara howa menziliniň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alynmagyny agzap bolar.

Bu täsin bina açylandan tegelek bir ýyldan soňra, ýagny 2017-nji ýylda ildeşlerimiz Aşgabat Halkara howa menzilinde paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga gelen türgenleridir tälimçileri garşyladylar. Täsin desgalar hakynda gürrüň edilende Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi bilen bir hatarda, döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Tutuşlygyna alnanda häzirki wagtda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi ähli halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň iň arzyly mekanlarynyň birine öwrüldi. Gözel paýtagtymyz Aşgabady sportuň ösen şäherine, täsinlikler dünýäsine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

«7/24.tm»