Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly ýaş binagärler üçin göçme sergi geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna halypa suratkeşleriň eserlerine syn edip, Aşgabadyň geçen ýyllardaky peýzažyny öwrenmek teklip edildi. Munuň üçin ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Şekillendiriş institutynyň bilelikde guramagynda sergi guraldy.

Sergi meýdançasynda şähergurluşyk taslamalary, heýkeltaraşlyk we žiwopis eserleri görkezildi. Sergi Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna we «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlandy.

www.orient.tm