Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň iň owadan talyp gyzy kesgitlenildi

Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Oňa  ýokary okuw jaýlaryndan jemi 21 talyp gyz gatnaşyp, olar 3 şert boýunça özara bäsleşdiler. 

«Talyp gözeli – 2021» atly bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi.

Bäsleşigiň jemlerine görä baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Ataýewa mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmatbahaly sowgatlar, şeýle hem oňa işjeň gatnaşanlara höwslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

«7/24.tm»