Soňky habarlar

Geljegiň sesi

Her bir başlangyç ilki bilen binýatdan başlanýar. Binýat berk boldugyça biziň gurýan binamyz baky bolýar. Şol binalaryň baky bolmagy ýaş nesliň ylym-bilimine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem bilermenler çaga dünýä inen gününden olara terbiýe bermek meselesini aýratyn üns merkezinde saklamalydygyny nygtaýarlar. Esasan-da çagalara dil öwretmek meselesiniň wajyplygy birnäçe barlaglaryň üsti bilen subut edilendir.

Çagalarymyza dil açyp, sözlemäge başlan döwründe ilkinji sesleri, bogunlary we sözleri aýtmakdan tä mekdebe gidýänçä öz ene dilinde sada, dürs we düşnükli gürlemegiň ýollaryny öwretmek ene-atalaryň we çaganyň daşyny gurşaýan ähli ulularyň borjy hasaplanýar. Çaganyň ene dilinde talabalaýyk gepläp bilmegi öz deň-duşlary, şeýle-de ulular bilen gowy aragatnaşykda bolmagyna ýardam edýär.  

Bu günki nesiller ertir bilimli, ylymly, intellektual taýdan ösen, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde, ene dilini kämil bilmek bilen bir hatarda daşary ýurt dillerinden hem ussatlarça baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmelidirler.

Maral ŞYHYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.