Soňky habarlar

«Akyl giňişligi 2020» atly bäsleşigiň ilkinji ýeňijileri belli boldy

Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Akyl giňişligi» bäsleşigini belläp bolar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, “Ýaşlyk” teleýaýlymy we «Hisense» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dilleri tarapyndan guralýan bu bäsleşik eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edip, tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny we söýgüsini gazanmagy başarandyr.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem geçirilmegi meýilleşdirlen bu bäsleşigiň saýlama tapgyrynyň ilkinji ýeňijileri hem belli boldy.

«Akyl giňişligi 2020» atly bäsleşiginiň ilkinji sanynda bije çekişligiň esasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň topary bäsleşdiler.

Oýnuň düzgünnamasyna laýyklykda, saýlama tapgyrda toparlar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylan 10 soraga jogap berdiler. Netijede, 5:4 hasap bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary üstün çykyp, ýaryşyň indiki tapgyrynda bäsleşmäge hukuk gazandy. Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň topary bolsa «x» topary bolmak üçin ýeňlişe sezewar bolan bir topar bilen bäsleşer.

«Akyl giňişligi 2020» atly bäsleşigiň ýene bir saýlama tapgyrynyň ýeňijisi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary bolup, ol Türkmen döwlet maliýe institutynyň toparyndan üstün çykmagy başardy.  

Ýunus ALLANAZAROW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.