Soňky habarlar

«Talyp gözeli-2020» Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Talyp gözeli 2020» atly gözellik bäşleşigi geçirildi. Bäsleşige fakultetiň talyplary, professor-mugallymlary hem-de emin agzalary gatnaşdy.

Gyzlar ýaryşyň şertine görä «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyny aýdym, goşgy, monolog, sahna eserleriniň üsti bilen wasp etdiler.

Soňra talyp gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde, şeýle-de türkmen milli lybaslarynyň döwrebaplaşdyrlan görnüşlerini görkezip, egin-eşik geýmekde zamanabaplygy ussatlyk bilen berjaý etmekde hem bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirlen bu bäsleşigiň ähli şertlerini birkemsiz ýerine ýetiren sport fakultetiniň talyby Leýla Öwezmeňliýewa baş baýraga mynasyp boldy.

Deň-duşlaryndan tapawutlanan Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby Maýsa Raimowa I orna, sport fakultetiniň talyby Gözel Ataýewa II orna, bedenterbiýe fakultetiniň talyby Tawus Gölbaýewa bolsa III orna mynasyp bolmagy başardy.

Läle ANNAMYRADOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.