Her bir hünäri öwrenmek, ony kämillik derejesine ýetirmek üçin şol ugur boýunça halypalaryň maslahaty alynýar. Bu däp gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli ähmiýetini ýitirmän gelendir. Oba-oba aşyp halypalardan hünär öwrenmek üçin şägirtler hiç kynçylykdan gorkmandyrlar. Bu däp sport babatynda hem ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Ýöne bu gün öňki adatdan tapawutlylykda sport hünärmenleriniň bilim ojagyna sportuň dürli görnüşlerinden halypalaryň halypalary ýaşlara maslahat bermäge jemlendiler. “Halypa şägirtlik mekdebi nusgalyk ýörelge” ady bilen geçirilen bu dabarada türkmen sportunyň taryhynda öçmejek yz galdyran sport weteranlarynyň wagyz-nesihatlaryny, maslahatlaryny diňlemek, olar bilen söhbetdeş bolmak bize hem nesip etdi. Ömrüni sporta bagyş eden Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirlen çagalar ýetginjekler sport mekdebiniň futbol boýunça tälimçisi Rejepmuhammet Nurhalyýew guralan dabara barda şeýle diýdi:
—1971-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlapdym, şol ýyldan bäri sport ulgamynda zähmet çekýärin. Häzir ýyllaryň beren tejribesine daýanyp ýurdumyzda sport ulgamynda döredilýän şertleriň diňe ösen döwletlerde gabat gelýänligini säginmän aýdyp bilerin. Hatda häzirki wagtda ýurdumyzda sporta höwesek ýaşlaryň sanynyň ýyl saýyn artýanlygy hem görünip durandyr. Olaryň saýlan sport görnüşlerinde üstünlik gazanmaklary üçin bolsa tälimçilerimiz irginsiz zähmet çekýärler. Ine, bu dabara hem ýaşlaryň kämil bolup ýetişmekleri üçin guraldy. Oňa bizi hem myhman hökmünde çagyrmaklary meni diýseň begendirdi. Çünki bu ýerde bize köne dostlarymyzy, halypa mugallymlarymyzy görmek miýesser etdi. Edil ýaşlyk ýyllaryma dolanan ýaly duýgulary başdan geçirdim. Bize köne dostlaryň ählisini bir ýere jemläp didarlaşmaga mümkinçilik döreden dabara ýaşlaryň hem kämilleşmegine itergi berer diýip arzuw edýärin.
Gunça GURBANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.