Soňky habarlar

Gyşky dynç alyş möwsümde ýaryşlar dowam edýär

Ýurdumyzyň geljegi bolan mekdep okuwçylary gyşky dynç alyş möwsümini Gökderede ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde geçirýär. Olaryň bu ýerde şadyýan, göwnejaý dynç almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dürli oýunlary oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny gazanmak üçin niýetlenilen meýdançalarda sport bäsleşikleri geçirilýär.

Ýaňy-ýakynda «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde milli hem-de hereketli oýunlar boýunça «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz» şygar astynda ýaryş geçirildi.  Milli hem-de hereketli oýunlar boýunça geçirilen ýaryş ýaş nesliň arasynda türkmen milli oýunlaryny gyzyklanma döretmek, sporta höwesini artdyrmak bilen maksady bilen guraldy.

Çagalarda uly gyzyklanma döreden bu bäsleşik Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Türkmenistan» Yaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň jogapkärliginde geçirildi.  

Dynç alýan çagalaryň işjeň gatnaşmagynda geçirilen milli hem-de hereketli oýunlarynyň yzýany küşt, şaşka, düzzüm boýunça merkezara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşlary guramaga Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, «Türkmenistan» Yaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi gatnaşdy.

«Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Saglygym – baş baýlygym» diýen at bilen paýhas oýunlary boýunça geçirilen bäsleşik ýaş neslimiziň wagtyny gyzykly geçirmek, paýhas oýunlaryna söýgüsini artdyrmak maksady bilen guraldy.

Dynç alýan çagalaryň arasynda yzygiderli sport ýaryşlarynyň geçirilmegi olaryň bedenterbiýe we sporta höwesini artdyrmak, gündelik durmuşda ýokary işjeňligini gazanmak, sagdyn nesilleri kemala getirmek bilen bagly bolup durýar.

Häzirki wagtda Gökdere sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalara ýene-de birnäçe gyzykly, şüweleňli medeni-köpçülikleýin çäreler garaşýar.

Gurban KASYMOW,

Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.