Soňky habarlar

Tokio Olimpiadasyna we Ýewropa çempionatyna Gollandiýanyň däl-de, Niderlandlaryň ýygyndysy gatnaşar

Niderlandlaryň hökümeti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Gollandiýa diýen ady ulanmazlygy karar etdi. Bu barada «The Guardian» gazeti habar berýär.

Mundan beýläk ýerli häkimiýetler, ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalar, neşirler ozal Gollandiýa diýlip tanalýan döwleti diňe Niderlandlar diýip atlandyrmalydyr.

Demirgazyk we Günorta Gollandiýa bu döwletiň çägindäki prowinsiýalar bolup, ol jahankeşdeleriň arasynda meşhurlykdan peýdalanýar. Ýerli häkimiýetler Niderlandlaryň beýleki künjeklerine hem jahankeşdeleriň ünsüni çekmek isleýärler.

 Şeýlelikde, Ýaponiýanyň paýtgaty Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiada we futbol boýunça Ýewropa çempionatyna Gollandiýanyň däl-de, Niderlandlaryň milli ýygyndysy gatnaşar. «Ýewrowideniýe» ady bilen geçirilýän aýdym-saz bäsleşiginde hem Niderlandlaryň wekili çykyş eder  – diýlip, habarlarda bellenilip geçilýär.