28.12.2019. Şu gün döwlet Baştutanymyz desgalary halkara ähmiýetli ýaryşlara taýýarlamagyň barşy bilen tanyşmak üçin türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginiň çägine geldi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wise-premýer P.Agamyradow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýew hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew garşyladylar.
Milli Liderimiz aýak üstünde ýolbaşçylar bilen söhbetdeşligiň barşynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de Olimpiýa şäherjiginde işiň dürli ugurlary barada anyk sowallary berdi.
Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara dünýä standartlarynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan, Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde toplan tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny tabşyrdy we hemmelere üstünlik arzuw edip, Olimpiýa şäherjiginden ugrady.
www.tdh.gov.tm