23.12.2019. Täze 2020-nji ýylyň bosagasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binasynyň baş girelgesiniň öňüni uly baýramçylyk arçasy bezedi. Onuň iki gapdalynda, wepaly goragçylar kibi iki sany garadam ýerleşdirilipdir. Az-kem aňyrrakda bolsa hokkeýçileriň geýmini geýnen, hokkeý taýakly iki sany alabaý hokkeý topunyň oklanjak aýgytly pursadyna garaşyp dur.
Ýöne näme üçin alabaýlar? Çünki türkmen alabaýy Wepalynyň hut özi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baş nyşany hökmünde saýlanypdy.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz «Türkmen alabaýy» diýen kitabynda «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemlän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr... Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan türgenlerimize alabaý ruhy güýç berendir diýip pugta ynanýaryn. » diýip belleýär.
Bu ýerde janlandyrylan täze ýyly alamatlandyrýan görnüşler şäheriň, esasanam agşamaralar ene-atalaryň öz körpejeleri bilen höwes edip gelýän ýerine öwrüldi. Hokkeýçi alabaýlar bilen bilelikde surata düşmek oglanjyklaryň hasam göwnüne ýaraýar. Milli buýsanjymyz hasaplanýan türkmen alabaýy öňümizdäki 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda hem Türkmenistanyň sport abraýyny gorajak türgenlerimizi täze ýeňişlere ruhlandyrar diýip pikir edýäris.
Bu günler bolsa biziň täze ýyl arçamyz owadan Watanymyzyň ähli ýaşaýjylaryna mähir, şowlulyk hem bagtyýarlyk şuglasyny saçýar.