Soňky habarlar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Kataryň kubogynda üstünlikli çykyş edýärler

Doha şäherinde Kataryň kubogy ugrundaky agyr atletika ýaryşy başlady. Şol bir wagtda Olimpiýa oýunlary-2020-iň saýlama ýaryşy bolup durýan bu bäsleşikde Türkmenistana 3 türgen wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden habar berlişi ýaly, 61 kilograma çenli agramda Dänew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň treneri Seýitjan Mirzaýew kümüş medal gazandy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 270 kilogram (birbada götermek 125 kg., itip götermek 145.) göterip, 2-nji orna düşdi. 1-nji orny gazagystanly Igor Son (278 kg) eýeledi. Italiýaly Rui Dawide (270 kg) ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nj iýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa 48 kilograma çenli agramda çykyş edip, itip götermekde 2-nji orny eýeledi (97 kg). Ol iki görnüşiň jemi boýunça 166 kilogram göterip, bürünç medal gazandy.

Ýaryş 24-nji dekabrda tamamlanar.