Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, «Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada we Uniwersiada üstünlikli geçirildi. Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de Aşgabatda Sambo we Trek welosporty boýunça dünýä çempionatlaryny hem-de Futzal boýunça Aziýanyň çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 162-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 103-si guraldy. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 186-syna, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 32-sine gatnaşyp, 33 medaly, Aziýanyň çempionatlarynyň 41-sine gatnaşyp, 39 medaly eýelemegi başardylar. Ildeşlerimiz halkara bäsleşikleriniň 113-sinde çykyş edip, 212 medala mynasyp boldular. Jemi gazanylan medallaryň sany 284 bolup, şolaryň 94-si altyn, 92-si kümüş we 98-si bürünç medaldyr.
www.tdh.gov.tm