Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» myhmanhanasynda Aziýanyň futzal çempionatynyň bije atyşlyk dabarasy dowam edýär. Bijä görä, Aziýanyň futzal çempionatynda Türkmenistan bilen bir toparda Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň ýygyndylary çykyş ederler.
Bije atylmazyndan öň Türkmenistan ýaryşyň guramaçysy hökmünde Eýranyň, Ýaponiýanyň hem-de Özbegistanyň toparlary bilen birlikde birinji sebede goýuldy. Munuň özi toparlaýyn tapgyrda bu ýygyndylaryň öz aralarynda duşuşmajakdygyny aňladýar.
AFK-nyň futzal boýunça çempionatynyň bije atmak dabarasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan giňişleýin şöhlelendirildi. Sebäbi Aşgabatda geçiriljek futzal çempionaty hemmelerde uly gyzyklanma döredýär.
Türkmenistanyň futzal ýygyndysyna öňdäki jogapkärli ýaryşda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!