Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde taýýarlaýan «Sport metbugatda» atly gepleşiginiň täze sany Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy
Aşgabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşy dowam edýär. Bu bäsleşigiň aýratynlygy, onuň gyzykly pursatlary, şeýle-de, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler hakynda buýsançly gürrüň edildi.
Mundan başga-da, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän beýleki medeni-sport çäreleri dogrusyndaky, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplarynyň ýaryşlara gatnaşmak bilen hünäre kämilleşmek boýunça tejribe toplaýandyklary hakyndaky pikir alyşmalary tomaşaçylara ýetirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web-saýtynda, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we «Türkmen sporty» gazetinde sport wakalarynyň şöhlelendirilişinden söhbet açýan bu gepleşigiň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýazgy edilýändigini ýatladýarys.
Selbi AMANNAZAROWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.