Soňky habarlar

La-Liga  (01.12.2019): «Barselona» – «Atletiko Madrid»

Diňe bir Ispaniýanyň däl, seýem bütin Ýewropanyň hem iň bir netijeli çykyş edýän komandalary «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» 15-nji tapgyrda  özara güýç synanyşarlar.

Häzirki wagtda Madridiň «Realyny» öňe geçiren «Barselona» 28 utuk bilen 2-nji orunda barýar. 25 utuk toplan «Atletiko» 5-nji orna eýelik edýär.

Komandalaryň utuk tapawudy we eýeleýän orunlary özara oýunda bir gyra süýşürilýär. Sebäbi olaryň basdaşlygy meýdançady duşuşygyň çekeleşikli bolmagynyň kepilligine öwrülýär.

2019-njy ýylyň 1-njy dekabrynda sagat 00.55-de «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziljek duşuşykda kimiň ýeňiş gazanjakdygyny aýtmak aňsat däl. Şoňa görä-de, bu oýnuň nähili hasap bilen tamamlanjakdygyny bilmek üçin «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziljek oýna tomaşa etmek gerek.

 Hajymyrat SÖÝÜNOW,

sport synçysy.