Şu gün (30.11.2019) Aşgabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşynyň açylyş dabarsy boldy. Bizem dabaranyň dowamyna ol ýere baran ildeşlerimiziň pikirlerini ýazga geçirdik.
Gurban Ýagmyrow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:
–Hokkeý biz ýaşlaryň söýgüli oýny. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sportuň bu görnüşi täze belentliklere çykdy. Şu gün biz Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Dabara örän guramaçylykly geçdi. Açylyş dabarasynda bäsleşige gatnaşjak toparlar bilen tanyşdyryldy. Men bäsleşikde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Bürgüt» toparynda çykyş edýän dostum Wepa Jumagulyýewe janköýerlik edýärin. Ýaryşlara gatnaşýan toparlaryň ählisine üstünlik arzuw edýärin!
Amangül Baýramdurdyýewa, «Türkmenobasenagattaslama» taslama önümçülik kärhanasynyň işgäri.
–Açylyş dabarasynyň örän gyzykly bolandygyny aýtmak isleýän. Buzda figuralaýyn typýan gyzlaryň çykyşlary has-da täsirli boldy. Jigim hokkeý oýnaýar. Şonuň üçin köplenç ýaryşlara gelýärin. Ýaş oglanlar buzuň üstünde örän gowy oýunlary görkezýärler. Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky hokkeý bäsleşigine badalga berildi. Menem öz işdeşlerim bilen açylyş dabarasyny görmäge geldim. Zehinli aýdymçy Ahmet Atajanowyň sport baradaky aýdymynyň astynda ýerine ýetirilen figuralaýyn typyjylaryň çykyşlar has-da özüneçekiji boldy. Goý, güýçli topar ýeňsin! Ýurdumyzy belent ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Röwşen Bedelow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby:
–Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen sporty belent sepgitlere ýetýär. Biz muňa şu günki açylyş dabarasynda has-da doly derejede göz ýetirdik. Ýaşlaryň buz üstündäki sazlaşykly hereketleri aýdylanlaryň aýdyň görkezijisi boldy. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryş çekeleşikli geçýär. Meniň özüm «Galkan» toparyna janköýerlik edýärin. Bu topar ençeme ýaryşlarda ýeňiji bolmagy başardy. Nesip bolsa şu bäsleşikde hem gowy netije gazanar diýip umyt edýärin!
Taýýarlan Allanur ÇARYÝEW,
«Türkmen sporty» gazetiniň habarçysy.
Surata düşüren Şamuyrat MUHAMMETGURBANOW.