Soňky habarlar

Abu-Dabide geçiriljek «Formula 1» ýaryşy Türkmenistanda göni ýaýlymda görkeziler

 «Formula 1» ýaryşynyň Abu-Dabide giçirilýän Gran Pri ýaryşynyň deslapky we esasy tapgyrlary «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler.

2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabat wagty bilen sagat 17.55-de «Ýas Marina» awtotrassasynda «Abu Dabi Gran Pri»-siniň deslapky tapgyry görkeziler. 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda bolsa sagat 18.05-de «Abu Dabi Gran Pri»-siniň esasy tapgyry göni ýaýlymda görkezilip başlanar.

2006-njy ýylda gurlan «Ýas Marina» awtotrassasy 2009-njy ýyldan bäri awtosportuň muşdaklarynyň üns merkezinde bolup gelýär. «Formula 1» ýaryşynyň tapgyrlarynyň sanawyna «Abu Dabi Gran Pri»-siniň goşulmagy BAE barýan jahankeşdeleriň hem sanynyň artmagyna getirdi.

Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda göni ýaýlymda ýaryşyň görkeziljek günleri jahankeşdeleriň uly toparynyň bu awtosport baýramyna Abu-Dabide tomaşa etjekdigini habar berýärler.

Häzire çenli Luis Hemiltonyň 4 gezek bu şäherde ýeňiji bolandygyny aýtmak gerek. Nobatdaky bäsleşikde kim ýeňiş gazanarka? Ine, muňa «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziljek ýaryşdan soňra göz ýetirip bileris?

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan sport» halkara žurnaly.