Soňky habarlar

Bundesliga (29.11.2019): «Şalke» - «Union Berlin»

Bundesligada şu möwsümde özüne çekiji oýunlar köp bolýar. Sebäbi 12 tapgyrdan soňra Mýunhengladbahyň «Borrusiýasy» (25 utuk) kerweniň başyny çekýär.

2-nji orna «Leýpsig» (24 utuk), 3-nji orna bolsa (24 utuk) «Bawariýa» eýelik edýär. 4-nji orundaky «Fraýburg» bilen 5-nji orundaky «Şalke» bolsa 22 utuk toplapdyr.

Şonuň üçin 2019-njy ýylyň 29-njy noyabrynda «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda göni ýaýlymda (sagat: 00.30) görkeziljek «Şalke» bilen «Union Berlin» toparlarynyň arasyndaky oýun janköýerleri biçak gyzyklandyrýar.

Berlinlileriň 12 oýunda soňra 16 utuk bilen 11-nji orny eýeleýändigi ýer eýesi hökmünde çykyş edýän Gelzenkirheniň toparyna artykmaçlyk berýär. Muny bolsa «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly synlap bilersiňiz!

www.msy.gov.tm