Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, tansyň döreýiş gözbaşlary müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýär. Muny taryhy-arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar, taryhy ýazgylar hem doly tassyklaýar. Mysal üçin, antik döwre degişli bolan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlaryň keşpleri şekillendirilipdir. Munuň özi tansyň gadymy taryhynyň bardygyny görkezýär.
Sportuň hem gadymy döwürlerden bäri mälimdigi üçin onuň bilen tansyň arasynda nähili umumylyk barka – diýen sowal ýüze çykýar. Tans adamlaryň gündelik durmuşyndaky edýän hereketlerinden, ýagny ýöremek, ylgamak, bökmek, egilmek, pyrlanmak ýaly hereketlerinden ybaratdyr. Bu aýdylanlar tansyň sport we bedenterbiýe bilen baglanyşygyny görkezýär.
Fiziki hereketleriň sungata öwrülmegi üçin olaryň belli bir ritme girmegi we kadalaşdyrylmagy zerurdyr. Bu ýerde tansyň sungat bilen baglanyşygy başlanýar. Aslyýetinde sportuň özi hem sungatdan uzakda däldir. Owadan gollary synlap ýa derwezeçiniň çakgan hereketlerini görüp, olaryň sporty sungat derejesine çykarýandyklaryny görýäris.
Sportuň başa-baş söweş sungaty diýip at berilýän görnüşlerinden başga-da islendik görnüşinde sungatyň alamatlarynyň bardygyny aýtsak, tans we sport düşünjeleriniň bir-birinden üzňe däldigini göreris. Onsoňam, tans sportunyň Aziýa oýunlarynyň we beýleki iri ýaryşlaryň hem maksatnamasyna girizilendigi ýokarda aýdylanlary doly tassyklaýandyr.
Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylarynyň tagallasy bilen tans sportyny ýaş nesliň arasynda wagyz etmek, olaryň tans hereketleri arkaly saglygyny berkitmegini we syrdam bedenli bolmagyny gazanmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly görkezilýän geple\ikleri[ icinden hem tans sporty we onuň saglyga peýdasy hakyndaky pikirleriň eriş-argaç bolup geçýändigini bellemelidiris.