Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde taýýarlaýan «Sport metbugatda» atly gepleşigi yzygiderli taýýarlanylyp tomaşaçylara ýetirilýär.
Bu gepleşikde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web-saýtynda, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we «Türkmen sporty» gazetinde sport wakalarynyň şöhlelendirilişinden söhbet açylýar we olarda ýerleşdirilen gyzykly makalalar barada pikir alşylýar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýazgy edilýän gepleşige bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary we hünärmenleri işeňňir gatnaşýarlar.
Gepleşigiň täsirli bolmagy üçin bolsa «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň tagalla edýändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, «Sport metbugatda» gepleşigi täze sahypalar bilen baýlaşdyryldy.
Onuň soňky sanlarynda žurnalist Amanmyrat Myradow «Türkmen sporty» gazetiniň täze sanyna syn berse, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär kätibi Şirin Şirliýewa Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web-saýtynda ýerleşdirilen täzelikler bilen tanyşdyrýar.
«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň işgärleriniň gepleşigiň täsirliligini artdyrmak maksady bilen döredijilik gözleglerini dowam etdirýärler.